Hindistanda okuwçylary daşaýan gaýyk batdy

Hindistandaky Harni kölünde okwuçylary we mugallymlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde 12-si çaga bolan jemi 14 adam ýogaldy

2090742
Hindistanda okuwçylary daşaýan gaýyk batdy

Gujerat welaýatynyň Wadodara şäherindäki Harni kölünde okuwçylary we mugallymlary daşaýan gaýyk batdy. 

Wakada ýaşlary 7 bilen 13 aralygynda üýtgeýän 12 çaga bilen, 2 mugallym jemi 14 adam ýogaldy. 

Polisiýa gullugy 20 çaganyň halas edilip ýetişilendigini, 2 adamyň dereksiz ýitendigini, käbir çagalaryň bolsa hassahananyň reanimasiýa bölüminde bejergi astyna alynandygyny habar berdi. 

Gaýykda wakadan ozal näçe adamyň bolandygy anyklanylyp bilinmedi, emma kölde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 

Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi waka gynanç bildirip, ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýaralanan adamlara kompensasiýa tölenjekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar