Gersi Halewi Liwan serhedinde söweş mümkinçiliginiň "öňküsinden has ýokarydygyny" aýtdy

Ysraýylyň baş ştabynyň başlygy Gersi Halewi, Liwan serhedinde söweş mümkinçiliginiň "öňküsinden has ýokarydygyny" aýtdy

2090281
Gersi Halewi Liwan serhedinde söweş mümkinçiliginiň "öňküsinden has ýokarydygyny" aýtdy

Ysraýylyň goşunyndan berilen ýazmaça beýanata görä baş ştabyň başlygy Gersi Halewi Ysraýylyň goşunynyň Liwanda bir hüjüm simulýasiýasynyň amala aşyrylyp geçirilen harby türgenleşikde çykyş etdi. 

Gersi Halewi: "Demirgazykdaky söweşiň haçan boljakdygyny bilemok, emma size onuň öňümizdäki aýlarda amala aşyrylmak ähtimallygynyň, geçmişe görä has ýokarydygyny aýdyp bilerin" diýip habar berdi. 

Ysraýylyň goşunynyň Liwanda söweşmek üçin taýarlyk görýändigini aýdan Gersi Halewi, goşunyň Gazadaky çaknyşyklardan örän köp sapak alandygyny belledi. 

Gersi Halewi goşunyň Liwanda anyk netije almak isleýändigini belläp, onuň Ysraýylyň demirgazygynda ýaşaýanlary öýlerine gaýdyp barmaklaryny üpjün etmekdigini beýan etdi. 

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu 8-nji ýanwarda ýurduň demirgazyk serhedindäki harby birikmeleriň birine baran wagty Liwan serhedinde howpsuzlygy üpjün etmek we göçürilen ysraýyllylaryň öýlerine dolanmagy üçin "Hizbullah bilen söweş" bilen birlikde ähli zada taýýardyklaryny aýtdy.

Ysraýylyň goşuny bilen Hizbullahyň arasynda 8-nji oktýabrdan bäri serhetde wagta-wagtal çaknyşyklar başdan geçirilýär. Çaknyşyklarda liwanly asuda ilatdan 29 adam bilen Hizbullahyň 162 agzasy we ysraýylly asuda ilatdan 6 bilen 10 esger ýogaldy. 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #Gaza , #Liwan , #Hizbullah

Degişli Habarlar