NATO Agza Ýurtlaryň Baş Ştabynyň Başlyklary Brýusselde Jemlenişdi

Iki gün dowam etjek maslahatda Türkiýä, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Metin Gürak wekilçilik edýär.

2090008
NATO Agza Ýurtlaryň Baş Ştabynyň Başlyklary Brýusselde Jemlenişdi

NATO Agza Ýurtlaryň Baş Ştabynyň Başlyklary Brýusselde Jemlenişdi

NATO agza ýurtlaryň Baş ştabynyň başlyklarynyň maslahaty Brýusselde geçirilýär.

Iki gün dowam etjek maslahatda Türkiýä, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Metin Gürak wekilçilik edýär.

Maslahatda 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde ýetilen sepgit we NATO-nyň Ukraina berýän goldawy meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Fewral aýynda geçiriljek Goranmak ministrleriniň maslahatynyň öňüsyrasynda şu ýyl geçiriljek harby türgenleşikler meselesi hem maslahatyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg maslahata gatnaşýan baş ştabyň başlyklary bilen duşuşar.



Degişli Habarlar