Makron, Gazada Hüjümleriň Gyssagly Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Fransiýanyň Prezidenti, Gazanyň halkyna ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin hüjümleriň gyssagly bes edilmegi barada çagyryş berdi.

2090239
Makron, Gazada Hüjümleriň Gyssagly Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Gazanyň halkyna ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin hüjümleriň gyssagly bes edilmegi barada çagyryş berdi.

Makron, Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçirlen 54-nji Bütin dünýä Ykdysadyýet forumynda eden çykyşynda, dünýäniň bölünendigini, ABŞ bilen Hytaýyň arasynda uly dartgynlygyň başdan geçirilýändigini nygtap “Ýewropada we Ýakyn Gündogar söweş yzyna dolandy” diýdi.

Ýewropanyň, Kawkazyň we tutuş sebitiň howpsuzlygy üçin Russiýanyň Ukraina söweşinde ýeňiş gazanmaly däldigine ünsi çeken Makron, Ýakyn Gündogardaky terrorçy toparlaryň halkara söwda gatnawyna we dünýäniň howpsuzlygyna wehim salýandygyny belledi.

Emmanuel Makron, Gazanyň halkyna ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin hüjümleriň gyssagly bes edilmelidigini aýtdy.

Sebitde iki döwletli çözgüdiň ýeke-täk çäredigini nygtan Makron, Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin uly tagalla edilmelidigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar