Pakistan Eýrana nägilelik bildirdi

Pakistan goňşusy Eýran tarapyndan guralan hüjümleriň howa giňişligini bozandygyny we iki çaganyň ölümine sebäp bolandygyny mälim etdi

2089732
Pakistan Eýrana nägilelik bildirdi

Pakistanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Pakistanyň özygtyýarlylygynyň düzgüniniň bular ýaly görnüşde bozulmagynyň hiç bir ýagdaýda kabul edilmejekdigi we agyr netijelere sebäp bolup biljekdigi habar berildi. 

Beýanatda Eýranyň Pakistanyň howa giňişliginiň sebäpsiz ýagdaýda düzgüni bozmagy ber ýazgarylyp, hüjümlerde 2 çaganyň ýogalandygy, 3 gyz çaganyň bolsa ýaralanandygy aýan edildi. 

Pakistan bilen Eýranyň arasynda tapawutly aragatnaşyk kanallarynyň bolmagyna garamazdan, bu bikanun aksiýanyň amala aşyrylmagynyň has hem alada döredýändigi bellenen beýanatda: "Pakistanyň berk protesti Tährandaky Eýranyň Daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli resmisine ýetirildi" diýip nygtaldy. 

Beýanatda Eýranyň ilçisiniň geňeşçisiniň Daşary işler ministrligine çagyrylandygy bellenip, bu ýagdaýyň netijeleriniň jogapkärçiliginiň gönüden Eýrana degişli bolup biljekdigi beýan edildi. 

Pakistanyň hemişe terroryň sebitdäki ähli ýurtlar üçin umumy bir howpdugyny we sazlaşykly hereket edilmeginiň zerurdygyny aýdýandygy bellenen beýanatda: "Şeýle birtaraplaýyn hereketler gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryna gabat gelmeýär we özara ynama çynlakaý zyýan ýetirip biler" diýip habar berildi.



Degişli Habarlar