Lawrow: "ABŞ Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde NATO-nyň infrastrukturasyny berkitmäge synanyşýar"

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow: "ABŞ Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde NATO-nyň infrastrukturasyny berkitmäge synanyşýar" diýip habar berdi

2089424
Lawrow: "ABŞ Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde NATO-nyň infrastrukturasyny berkitmäge synanyşýar"

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Russiýanyň paýtagty Moskwa sapar guran Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministri Çhwe Hi Son bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşygyň metbugata açyk bölüminde çykyş eden Sergeý Lawrow, Koreýa ýarymadasy we umuman Demirgazyk-gündogar Aziýada meseleleriň giňişleýin we adalatly ýagdaýda çözülmeginiň tarapdarydyklaryny beýan etdi. 

Lawrow: "ABŞ we ABŞ-na sebitde eýerýän ýurtlaryň Demirgazyk Koreýanyň howpsuzlygyna wehim salma syýasaty, oňyn ýagdaýda öňe gidişlik etmäge päsgel berýär. Dartgynlygyň artmagyna sebäp boljak islendik ädimden ýüz öwürmäge çagyrýarys we ony etmäge dowam ederis" diýip habar berdi. 

Aziýa Ýuwaş umman sebitindäki ýagdýayň hem üstünde durup geçen Lawrow: ABŞ Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde NATO-nyň infrastrukturasyny berkitmäge synanyşýar" diýip belledi. 

Demirgazyk Koreýanyň Russiýany Ukraina meselesinde goldaýandygyna ünsleri çeken Lawrow, Demirgazyk Koreýa bilen halkara platformalarda sazlaşykly ýagdaýda hereket edýändiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar