ABŞ, Husilere Garşy Täze Hüjüm Gurady

“ABŞ, Husiler bilen söweşmek islemeýär. Biz Gyzyl deňizdäki hüjümleriň bes edilmegini isleýäris”

2089522
ABŞ, Husilere Garşy Täze Hüjüm Gurady

ABŞ, Gyzyl deňizde söwda gämilerine hüjüm eden Eýran tarapyndan goldanýan Ýemendäki Husilere garşy hüjüm gurady.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi CENTCOM, hüjümde 4 balistiki raketanyň ýok edilendigini mälim etdi.

Ak Tamdan berlen beýannamada “ABŞ, Husiler bilen söweşmek islemeýär. Biz Gyzyl deňizdäki hüjümleriň bes edilmegini isleýäris” diýildi.

ABŞ bilen Britaniýa, geçen hepde hem Ýemeniň paýtagty Sana bilen birlikde Hudeýde we Taiz şäherlerinde Husilere degişli harby merkezlere hüjüm gurapdy.

Soňky döwürde Husileriň, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine garşy söwda gämilerine guraýan hüjümleri sebäpli gämi firmalary Gyzyl deňizdäki gämi saparlaryny bes edipdi.

 


Etiketkalar: #Husiler , #Ýemen , #ABŞ

Degişli Habarlar