Braziliýada Sil Apaty Sebäpli 11 Adam Ýogaldy
Ýolbaşçylar 1 aýlyk ýagyşyň bir günde ýagandygyny mälim etdi.
2089112
Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli 11 adam ýogaldy, 2 adam ýitdi.
Şäher häkimi Eduardo Paes, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini, şäherde adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigini nygtady.
Aşa köp ýagýan ýagyşlarda häzire çenli 11 adam ýogaldy, 2 adam ýitdi.
Ýolbaşçylar 1 aýlyk ýagyşyň bir günde ýagandygyny, onlarça öýüň suwyň aşagynda galandygyny mälim etdi.
Şäheriň gündogarynda aşa köp ýagýan ýagyşlaryň ýene-de birnäçe wagt dowam etjekdigi nygtaldy.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalanlaryň sany 35 müň 709, ýaralananlaryň sany hem 79 müň 990 adama ýetdi