Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň Gaza zolagyna 7-nji oktýabrdan bäri dowam etdirýän hüjümlerinde öldürilen palestinalylaryň sany 24 müň 100 adama ýetdi

2088890
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, Ysraýylyň Gaza zolagyna eýýäm 101 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi.  

Beýanatda Ysraýylyň Gaza zolagyna guran hüjümlerinde soňky 24 sagatda 132 palestinalynyň ölendigi, 252 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň harby güýçleriniň soňky 24 sagatda ýene-de 12 gyrgynçylyk edendigi bellenen beýanatda, 7-nji oktýabrdan bäri guralan hüjümlerde öldürilen palestinalylaryň sanynyň 24 müň 100 adama, ýaralanan palestinalylaryň sanynyň bolsa 60 müň 834 adama ýetendigi aýan edildi. 

Ýaralanan adamlaryň bir böleginiň entegem harabalyklaryň aşagyndadygy ýa-da  ýoluň kenarlaryndadygy, tiz kömek we raýat goranyş toparlarynyň bolsa şol adamlara ýetip bilmeýändigi habar berildi. 



Degişli Habarlar