Ýaponiýadaky ýer titremede ýogalan we ýaralanan adamlaryň sany artdy

Sebitde 1-nji ýanwardaky 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeden soň, iki hepdäniň içinde 1398 kiçi ýer yranmalar başdan geçirildi

2088865
Ýaponiýadaky ýer titremede ýogalan we ýaralanan adamlaryň sany artdy

Ýaponiýanyň Isikawa welaýatynda 1-nji ýanwarda bolan 7,6 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 221 adama, ýaralananlaryň snay bolsa 1016 adama ýetdi. 

Dereksiz ýiten hökmünde hasaba alynan 22 adamyň bolsa gözleg işleri dowam edýär. 

Isikawa bilen birlikde Toýama, Niigata, Fukui we Gifu sebitlerinde weýrançylyga sebäp bolan ýer titremede takmynan 15 müň öýe zeper ýetdi. 

Isikawa welaýatynyň Noto sebitindäki 9100 öýe entegem elektrik tok ugradylyp bilinenok. Şeýle hem suw kesilmeler dowam edýär. 

Sebitde 1-nji ýanwardaky 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeden soň, iki hepdäniň içinde 1398 kiçi ýer yranmalar başdan geçirildi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar