Hytaý Taýwan bilen bagly beýannama berdi

Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I: "Taýwan hiç wagt bir döwlet bolmandy. Geçmişde-de bolmady, geljekde-de bolmaz" diýip belledi

2088641
Hytaý Taýwan bilen bagly beýannama berdi

Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I Müsüriň paýtagty Kair şäherinde müsürli kärdeşi Samih Şukri bilen geçiren duşuşygyndan soň, guralan metbugat ýygnagynda Taýwanyň Hytaýyň bölünmez bir bölegidir, hiç wagt aýry bir döwlet ýagdaýyna gelmez, geljekde-de Hytaýa gaýdyp geler" diýip habar berdi.

Wan I: Taýwan hiç wagt bir döwlet bolmandy. Geçmişde-de bolmady, geljekde-de bolmaz" diýip nygtady.

Hytaý bilen özygtyýarlylyk babatynda düşünişmezçilik başyndan geçirýän Taýwanda, saýlawçylar düýn saýlawlara gatnaşypdy. Saýlawlaryň netijesinde hökümetiň başyndaky Demokratik Ösüş Partiýasynyň dalaşgäri Laý Çing-Te wezipesine ýaňadandan saýlanypdy. 


Etiketkalar: #Müsür , #Wan I , #saýlaw , #Taýwan , #Hytaý

Degişli Habarlar