Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 215 Adama Ýetdi

Ýer titremesinde ýaralananan 567 adamyň bejergisiniň dowam edýär

2087740
Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 215 Adama Ýetdi

Ýaponiýanyň günbatarynda ýerleşýän Işikawa welaýatynda we şol sebitdäki Noto Ýarymadasynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 215 adama ýetdi.

Işikawa welaýat häkimliginden berlen beýannamada, aýyň başynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 215 adama ýetendigi nygtaldy.

Beýannamada, ýer titremesi sebäpli 4 müň 100 bina zeper ýetirlendigi, 24 müňden gowrak adamyň başga ýere göçürlendigi, ýapylan ýollary sebäpli 2 müň 500 adamyň halas edilmegine garaşýandygy nygtaldy.

Beýannamada, ýer titremesinde ýaralananan 567 adamyň bejergisiniň dowam edýändigi, 38 adamdan bolsa hiç hili habaryň ýokdygy ýatladyldy.

Ýaponiýanyň günbatarynda ýerleşýän Işikawa welaýatynda we şol sebitdäki Noto Ýarymadasynda 1-5-nji ýanwar aralygynda 5 we 7 bal ululygynda birnäçe ýer titremesi bolupdy.



Degişli Habarlar