Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Işikawa welaýatynda we şol sebitdäki Noto Ýarymadasynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 213 adama ýetdi.

2087261
Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Ýaponiýanyň günbatarynda ýerleşýän Işikawa welaýatynda we şol sebitdäki Noto Ýarymadasynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 213 adama ýetdi.

Işikawa welaýat häkimliginden berlen beýannamada, aýyň başynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 213 adama ýetendigi nygtaldy.

Beýannamada, 25 müňden gowrak adamyň bolýan merkezinde ýapylan ýollar sebäpli 3 müň 100 adamyň kömege garaşýandygy, 60 müňe golaý ýaşaýyş jaýynyň elektrik togynyň kesilendigi bellenildi.

Beýannamada, ýer titremesinde ýaralananan 567 adamyň bejergisiniň dowam edýändigi, 52 adamdan bolsa hiç hili habaryň ýokdygy ýatladyldy.

Hökümet Fukui, Toýama we Niigata sebitlerinde 10 müň adamlyk wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň taýarlanjakdygyny mälim etdi.

Ýaponiýanyň günbatarynda ýerleşýän Işikawa welaýatynda we şol sebitdäki Noto Ýarymadasynda 1-5-nji ýanwar aralygynda 5 we 7 bal ululygynda birnäçe ýer titremesi bolupdy.



Degişli Habarlar