Putin: "Ýewropanyň iň uly ykdysadyýetine eýediris" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin ýurduň Habarowsk şäherinde geçirilen maslahatda söz sözledi

2087335
Putin: "Ýewropanyň iň uly ykdysadyýetine eýediris" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ýurduň ykdysadyýeti bilen baglanşykly: "Germaniýadan geçdik we dünýäde 5-nji oruna laýyk boldyk. Hytaý, ABŞ, Hindistan, Ýaponiýa we Russiýa. Ýewropada 1-nji orundadyrys" diýip belledi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin ýurduň Habarowsk şäherinde geçirilen maslahatda söz sözledi. 

Russiýanyň Merkezi bankynyň göterim derejesini wagtyň geçmegi bilen peseltjekdigine ynanýandygyny aýdan Putin, daşary ýurtlaryň Russiýa garşy basyş edýändigini belläp: "Ähli tarapdan gabamaga we basyş etmäge synanyşýarlar. Onda-da Ýewropanyň iň uly ykdysadyýetine eýediris. Germaniýadan geçdik we dünýäde 5-nji oruna laýyk boldyk. Hytaý, ABŞ, Hindistan, Ýaponiýa we Russiýa. Ýewropada 1-nji orundadyrys" diýip nygtady. 

Russiýanyň satyn alyş güýji deňligi meselesinde-de tutuş Ýewropadan geçendigini aýdan Putin, adam başyna düşýän milli girdeji babatynda has köp zähmet çekmelidigini we entek etmeli işleriniň bardygyny aýtdy.



Degişli Habarlar