Peskow Türkiye-Russiýa gatnaşyklary barada beýannama berdi

Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleler barada metbugat işgärlerine beýannama berdi

2087156
Peskow Türkiye-Russiýa gatnaşyklary barada beýannama berdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň yzygiderli ýagdaýda aragatnaşykda bolmaklaryna zerurlygyň bardygyny belläp: "Bu aragatnaşyk iki taraplaýyn gatnaşyklar taýdan möhüm" diýip belledi. 

Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleler barada metbugat işgärlerine beýannama berdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Türkiyä guramagy meýilleşdirilen saparyň senesiniň entek dolulygyna kesgitlenmändigini aýdan Peskow, onuň diplomatik kanallaryň üsti bilen kesgitlenjekdigini habar berdi. 

Peskow: "Putiniň we Erdoganyň yzygiderli ýagdaýda aragatnaşykda bolmaklary zerur. Ol aragatnaşyk iki taraplaýyn gatnaşyklar taýdan möhüm. Zerur bolan halatynda telefon arkaly söhbetdeş bolup bilýärler" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar