Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 203 Adama Ýetdi

Ýaponiýada 1-5-nji ýanwar aralygynda 5 we 7 bal ululygynda birnäçe ýer titremesi bolupdy.

2086622
Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 203 Adama Ýetdi

Ýaponiýanyň günbatarynda ýerleşýän Işikawa welaýatynda we şol sebitdäki Noto Ýarymadasynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 203 adama ýetdi.

Iİşikawa welaýat häkimliginden berlen beýannamada, aýyň başynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 203 adama ýetendigi nygtaldy.

Beýannamada, 22 sebitde we 26 müň 400 adamyň bolýan merkezinde ýapylan ýollar sebäpli 3 müň 100 adamyň kömege garaşýandygy bellenildi.

Beýannamada, ýer titremesinde ýaralananan 566 adamyň bejergisiniň dowam edýändigi, 68 adamdan bolsa hiç hili habaryň ýokdygy ýatladyldy.

Ýaponiýanyň Goranmak minisrti Kihara Minoru, 6 müň 300 adamlyk harby toparyň gözleg we halas ediş işlerine gatnaşýandygyny mälim etdi.

Ýaponiýanyň günbatarynda ýerleşýän Işikawa welaýatynda we şol sebitdäki Noto Ýarymadasynda 1-5-nji ýanwar aralygynda 5 we 7 bal ululygynda birnäçe ýer titremesi bolupdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar