Türkiye tarapyndan gözlenýän iki adam Kosowada göz tussaglygyna alyndy

Kosowanyň Polisiýa gullugy Türkiyäniň Halkara Polisiýa gullugynyň (Interpol) üsti bilen gözleýän 2 adamy göz tussaglygyna alandygyny habar berdi

2086570
Türkiye tarapyndan gözlenýän iki adam Kosowada göz tussaglygyna alyndy

Kosowanyň Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda, "FAST-Kosowa Gaçgaklary aktiw ýagdaýda gözlemek gullugy" tarapyndan 2 aýry welaýatda geçirilen operasiýalarda Türkiye tarapyndan gyzyl býulleten bilen gözlenýän 2 türk raýatynyň tussag edilendigi mälim edildi. 

Tussag edilen 2 adam üçin 48 sagatlyk göz tussaglyk möhlediniň berilendigi bellenen beýanatda, hukuk tapgyrynyň tamamlanmagyndan soň, şol adamlaryň Türkiyä gaýtaryp berilmegine garaşylýandygy aýan edildi. 

Kosowanyň Polisiýa gullugy geçen ýylyň sentýabr, oktýabr we dekabr aýlarynda Türkiyäniň Interpol gullugynyň üsti bilen gözleýän ýene-de 3 adamy göz tussaglygyna alypdy. 



Degişli Habarlar