Eýranda polisiýa merkezine hüjüm guraldy
Eýranyň Sistan-Belujistan welaýatynda ýaragly topar tarapyndan polisiýa merkezine guralan hüjümde 1 polisiýa işgäri ýogaldy
2087087
Eýranyň döwlet telewideniýesiniň habaryna görä, Sistan-Belujistan welaýatynyň Rask şäherinde düýn gije ýaragly topar, serhediň golaýyndaky polisiýa merkezine hüjüm gurady.
Howpsuzlyk güýçleriniň garşylyk görkezmegi netijesinde bolan çaknyşykda 1 polisiýa işgäri ýogaldy.
Takmynan 3 sagat dowam eden çaknyşykdan soň hüjümçiler wakanyň bolan ýerinden gaçdylar, sebitde giň gerimli operasiýa başladyldy.
Hüjümiň jogapkärçiligini Eýranda terror guramasy hökmünde yglan edilen "Jeýşul Adl" atly terror guramasy öz üstüne aldy.
Degişli Habarlar
Braziliýadaky sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Braziliýada aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 158 adama ýetdi