Ermenistan Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly täze teklibini Azerbaýjana ugratdy

Ermenistanyň hökümeti Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly täze teklibini Azerbaýjanyň hökümetine ugratdy

2086422
Ermenistan Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly täze teklibini Azerbaýjana ugratdy

Ermenistanyň resmi habarlar agentligi Armenpress tarapyndan berilen habara görä, Milli Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Armen Grigorýan Ermenistanyň döwlet telewideniýesine beren interwýusynda, Ermenistan-Azerbaýjan Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly tapgyryň üstünde durup geçdi. 

Armen Grigorýan: "4-nji ýanwarda Ermenistan tarapy Azerbaýjanyň Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly teklibine jogap berdi. Tekliplerine 2 hepdäniň içinde jogap berdik. Indi bolsa Azerbaýjanyň jogabyna garaşýarys" diýip belledi.

Azerbaýjan bilen Parahatçylyk gepleşiklerinde öňe gidişlik edilip bilinmeýän käbir meseleleriň bardygyny aýdan Grigorýan: "Şol meselelerde-de gysga wagtyň içinde öňe gidişlik edip biljekdigimizi umyt edýäris. Çözgüt tapyp bilmedigimiz käbir mesleleriň, ikitaraplaýyn häsýetde üýtgeşme we gepleşikler arkaly netijelendiirilmeginiň we Parahatçylyk ylalaşygyna iň gysga wagtda gol çekilmeginiň mümkin boljakdygyny umyt edýäris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar