“ABŞ Bilen Ysraýylyň Arasynda Söweş Meselesindäki Garaýyş Tapawutlylygy Çuňlaşýarmy?”

Netanýahu- Blinkeniň duşuşygynyň “dartgynly ýagdaýda geçendigi” nygtaldy

2086700
“ABŞ Bilen Ysraýylyň Arasynda Söweş Meselesindäki Garaýyş Tapawutlylygy Çuňlaşýarmy?”

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň duşuşygynyň “dartgynly ýagdaýda geçendigi” we iki ýurduň arasasynda söweş meselesindäki garaýyş tapawutlylygynyň çuňlaşýandygy nygtaldy.

Ysraýylyň “Kanal 12” teleýaýlymynyň berýän habarynda, Ysraýylyň Premýer ministrligi tarapyndan duşuşyk hakynda henizem ýazmaça beýannamanyň berilmändigi we bu ýagdaýyň iki ýurduň arasyndaky düşnüşmezlige ünsi çekýändigini mälim etdi.

Habarda, ABŞ bilen Ysraýylyň arasynda söweş meselesindäki garaýyş tapawutlylygynyň çuňlaşýandygy nygtalyp “Waşingtonyň sabry azalýar” diýildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, Türkiýeden we Gresiýadan soň sebit ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Iordaniýa, Katara, Birleşen Arap Emirliklerine we Saud Arabystanyna bardy.

Duşenbe güni Ysraýyla giden Blinken, Ysraýylyň Prezidenti Hersog, Premýer-ministri Netanýahu we Daşary işler ministri Katz bilen duşuşypdy.

Gaza söweşiniň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri 5-nji gezek Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar guraýan Blinkeniň, Tel-Awiwden soň Günbatar Şeriada palestinaly ýolbaşçylar bilen duşuşmagyna we Müsüre barmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar