Ysraýylly esgerler ot açan palestinalynyň üstünden ulaglary bilen geçdiler

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, düýn agşam Tulkerim şäherindäki reýtde, Ýusuf Ali al-Huli, Ahid Selman Musa we Taryk Emjed Şahiniň ysraýylly esgerleriň ot açmagy netijesinde öldürilendiklerini habar beripdi

2086181
Ysraýylly esgerler ot açan palestinalynyň üstünden ulaglary bilen geçdiler

Ysraýylly esgerler basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada düýn agşam ýaraglary bilen atan palestinalynyň üstünden ulag bilen geçendiklerini görkezýän wideo materiallar ýüze çykdy. 

Günbatar Şeria sebitiniň demirgazygyndaky Tulkerim şäherinde 3 palestinalynyň öldürilmegi bilen bagly materiallar orta çykdy. 

Wideo materialda ysraýylly esgerler tarapyndan atylan 3 palestinalynyň ýere düşendigini görüp bolýar. Ondan soň ýene-de birnäçe wagtlap ýaragyň sesleriniň eşidilendigini, ysraýylly esgerlere degişli ulaglaryň wakanyň bolan ýerine girendigini görüp bolýar. 

Ysraýylly esgerlere degişli ulaglar, atylan bir palestinalynyň üstünde geçip, mynjyradýar. 

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, düýn agşam Tulkerim şäherinde geçirilen reýtde, Ýusuf Ali al-Huli, Ahid Selman Musa we Taryk Emjed Şahiniň ysraýylly esgerleriň ot açmagy netijesinde öldürilendiklerini habar beripdi. 



Degişli Habarlar