"Ysraýyl öz maksatlaryna ýetip bilmedi"

Ýedioth ahronot gazedi:"Ysraýyl öz maksatlaryna ýetip bilmedi" diýdi

2085660
"Ysraýyl öz maksatlaryna ýetip bilmedi"

Ysraýylyň goşuny gabaw astyndaky Gaza sektoryna garşy başladan we 4-nji aýa giren hüjümleriniň çykdajysynyň 59,35 milliard dollara ýetmegine garamazdan, entegem ozaldan kesgitlenilen maksatlaryna ýetip bilmändigini habar berdi. 

Ýedioth ahronot gazedi "Iň gymmat uruş-Ysraýyl öz maksatlaryna ýetip bilmedi-3 aýdan soňky ýagdaýyň çarçuwasy" sözbaşysy bilen habar çap etdi. 

Habarda Ysraýylyň goşunynyň Gaza sektoryna garşy oktýabr aýynda başladan gury ýer operasiýasynda "Hamasyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny, harby ukyplaryny ortadan aýyrmak we ysraýylly ýesirleri azat etmek" ýaly maksatlaryna ýetip bilmändigini mälim etdi. 

Ysraýylyň goşuny gabaw astyndaky Gaza sektoryna garşy başladan we 4-nji aýa giren hüjümleriniň çykdajysynyň 59,35 milliard dollara ýetendigi bellenen habarda, bu çykdajynyň hem goşunyň býujetini hem-de pudaklara berilen goldawlary öz düzüminde jemleýändigi aýan edildi. 

Habarda Ysraýylyň hüjümleriniň ýurtdaky ykdysadyýet we bilim bilen birlikde, şeýle hem bosgunlaryň we ysraýyllylaryň şahsy howpsuzlygyna ýaramaz täsirleriniň bardygy bellendi. 

Habarda hüjümler dowam etdigi saýyn Ysraýyla berilýän global goldawyň hem günsaýyn azalýandygyna ünsler çekildi. 


Etiketkalar: #maksat , #hüjüm , #habar , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar