Ysraýyl, Liwana Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Gurady
Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, 3 adam ýogaldy.
Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulagynyň, Liwanyň günortasynda ýolda gidip barýan ulagy nyşana almagy sebäpli ilkinji kesgitlemelere görä, 3 adam ýogaldy.
Liwanyň resmi habarlar gullugy NNA-da berlen habara görä, Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulagy, Sur şäheriniň Ganduriýýe obasynyň golaýynda bir ulagy nyşana alandy.
Liwanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, hüjümde 3 adamyň ýogalandygy ýatladyldy.
Ysraýylyň goşuny, Hizbullahyň öldürlen serkerdesi Wisam Hüseýin Tawiliň Hirbet es Slim etrapçasyndaky öýüniň golaýynda yzly yzyna iki hüjüm gurady.
Hüjüm jynazanyň geçiriljek ýerinden diňe 1-2 kilometr alysda guraldy.
Degişli Habarlar
Nigeriýada 10 Ýyl Ozal Zamun Alynanlar Boşadyldy
Boko Harama agza terrorçylaryň bolýan merkezine Sambisa tokaýyna operasiýa guraldy.