Ýaponiýadaky ýer titremelerde ýogalanlaryň sany 202 adama ýetdi

Ýaponiýanyň günbataryndaky Isikawa welaýatynda we şol sebitdäki Noto ýarymadasynyň kenarýakasynda bolan ýer titremelerde ýogalanlaryň sany 202 adama ýetdi

2086020
Ýaponiýadaky ýer titremelerde ýogalanlaryň sany 202 adama ýetdi

Isikawa welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanatda, şu aýyň ilkinji günlerinde başdan geçirilen köp sandaky ýer titremede ýogalanlaryň sanynyň 202 adama ýetendigi mälim edildi. 

Beýanatda 28 müňden gowrak adamyň ewakuasiýa nokatlarynda ýaşaýan welaýatda, ýapylan ýollar sebäpli 3 müň 300 adamyň kyn ýagdaýda galandygy habar berildi. 

Iki hepde dowam eden dynç alyş günlerinden we düýn 8-nji ýanwarda bolan "Ulylar güni" atly resmi dynç alyş gününden soň, 9-njy ýanwarda ýagny şu gün okuw jaýlaryň ýaňadandan açylmagyna garamazdan, Isikawa welaýatynda 80-den gowrak mekdep ýapyk bolmagynda galýar. 

Täze semestriň başlanyp bilinmedik mekdeplere ýer titremede zyýan ýetendigi aýan edildi. 

Ministrler kabineti sebitiň abatlanmagy üçin 2024-nji ýylyň maliýe ätiýaç gaznalaryndan takmynan 33 million dollaryň bölünip berilmegi barada karara geldi. 

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentligi 1-5-nji ýanwar aralygynda Isikawa welaýatynyň Noto ýarymadasynda we onuň çägindäki suw giňişliginde ululyklary 5 bilen 7 bal ululygynda bolan köp sanda ýer titremäniň bolandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar