Netanýahu Ýurdy Dolandyrmaga Laýyk Däl

Bu sözler  Ysraýylyň esasy oppozision partiýasynyň lideri Ýair Lapide degişli.

2085984
Netanýahu Ýurdy Dolandyrmaga Laýyk Däl

          Ysraýylyň esasy oppozision partiýasynyň lideri Ýair Lapid Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň “ýurdy dolandyrmaga laýyk däldigini” beýan edip, hökümetiň çalyşmagy ýa-da möhletinden irki saýlavlaryň geçirilmegi üçin çagyryş etdi.

         Oppozisiýadaky Ýeş Atid partiýasynyň lideri, ozalky Premýer-ministrlerden Ýair Lapid X sosial media platformasyndan beren habarnamasydna Premýer-ministr Netanýahuny tankyt etdi.

         Uruş hökümetiniň agzasy Benni Gants bilen hökümetiň düzüminde orun eýeleýän Gadi Eisenkot bilen Gideon Saara ýüzlenen Lapid; “Ol ýerde, Netanýahuny buýrugynda bolduklary saýyn, oňa kanunylyk döredýärler” diýdi.

         Lapid Ysraýylyň täze hökümete ýa-da täze premýer-ministre zerurlygynyň bardygyny nygtap; “Benny Gants, Gadi Eisenkot ve Gideon Saar hökümetden çekilmeli. Bu hökümet uruşy gönükdirmage laýyk däl. Netanýahu ýurdy dolandyrmaga laýyk däl” diýdi.

         Oppozision lider partiýasynyň 120 kürsüli Meclisde 24 halk deputatynyň bardygyny ve alternativ hökümetiň gurulmagy ýa-da möhletinden irki saýlavyň geçirilmegi ýaly alternativleri goldamaga taýýardyklaryny nygtady.

         Ýurtda Netaýaha bolan goldav günsaýyn azalýan bolsa, möhletin irki saýlav alternativi hem gün tertibine gelmäge başlady.

         Netamýahu vezipeden el çekmezlikde ygrarly ýaly görünýän hem bolsa, geçirilen sovalnamalara görä Ysraýylyň Premýer-ministrine bolan goldav 15 göterime çenli aşaklady.



Degişli Habarlar