Ysraýylyň Gaza sektoryndaky hüjümlerinde öldürilen palestinalylaryň sany 23 müň adamdan geçdi

Ysraýylyň goşunynyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza sektoryndaky hüjümlerinde öldürilen palestinalylaryň sany 23 müň 84 adama ýetdi

2085850
Ysraýylyň Gaza sektoryndaky hüjümlerinde öldürilen palestinalylaryň sany 23 müň adamdan geçdi

Ysraýylyň goşunynyň düýn gije Gaza sektorynyň merkezine we günortasyndaky şäherlerine guran hüjümlerinde azyndan 18 palestinaly ýogaldy.

Palestinanyň habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilen maglumata görä Ysraýylyň harby uçarlary Gazanyň merkezindäki Deýr al-Belah bilen günortasyndaky Han Ýunus şäherine we Gazadaky Al-Megazi bosgun düşelgesine hüjümler gurady. 

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Deýr al-Belah şäheri bilen merkezine guran howa hüjümlerinde aglabasy çagalardan we zenanlardan ybarat bolan azyndan 18 palestinaly ýogaldy, onlarça adam ýaralandy. 

Gazadaky Al-Megazi bosgun düşelgesine guralan hüjümlerde hem ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy habar berildi. 

Basyp alyjy döwletiň goşunyna degişli uçarmansyz howa ulaglary hem Han Ýunus şäherindäki Gaza Ýewropa hassahanasynyň howlusyna we şäherdäki Ylym we tehnologiýa fakutletine degişli binalary bombalady. 

Hamasyň harby şahasy Izzeddin Al-Kassam topary "Palestinalylara we Aksa metjidi başda bolmak bilen mukaddes gymmatlyklara garşy edilen düzgün bozmalara garşylyk görkezmek" üçin Ysraýla 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda giň göwrümli hüjümler gurapdy. 

Ysraýyl 7-nji oktýabrda guralan hüjümlerde 1200 ysraýyllynyň ýogalandygyny, 5 müň 132 adamyň hem ýaralanandygyny beýan edipdi. 

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň hüjümlerinde 7-nji oktýabrdan bäri öldürilen palestinalylaryň sanynyň 23 müň 84 adama, ýaralanan palestinalylaryň sanynyň bolsa 58 müň 926 adama ýetendigini habar berdi. 

Ysraýylyň goşuny Gaza sektoryna garşy hüjümleriň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri 510 esgeriniň öldürilendigini belledi. 

Çaknyşyklara berilen ynsanperwer arakesmede 81 ysraýylly we 240 palestinaly ýesir ikitaraplaýyn häsýetde azat edilipdi. 

Beýleki tarapdan BMG Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza sektoryna garşy guran hüjümleriniň netijeisnde 2,3 million adamyň 1,9 millionynyň öz ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlere göçendigini mälim etdi. 


Etiketkalar: #palestinaly , #adam , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar