Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy

Günbatar Afrika sebitinde ýerleşýän Nigeriýa döwletiniň Kaduna welaýatynda guralan ýaragly hüjümde 17 adam ýogaldy

2085441
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy

Ýaragly toparlar Kaduna welaýatynyň Kauru diýilýän ýerdäki 3 aýry oba hüjüm gurady. 

Hüjümlerde 17 adam ýogaldy, 58 adam zamun alyndy. 

Nigeriýa soňky wagtlarda ýaragly toparlar bilen birlikde Boko Haram we DAIŞ bilen arabaglanşygy bolan ISWAP terror guramalarynyň hüjümlerine sezewar galýar. 

Ýurtda mundan başgada jezasy ölüm bolmagyna garamazdan paç almak üçin adamlary zamun almak wakalaryna ýygy-ýygyndan gabat gelinýär. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Kaduna , #oba , #Nigeriýa

Degişli Habarlar