Germaniýada daýhanlar protestlere başladylar

Daýhanlar "Daýhan ýok bolsa, iýmitem ýok, geljegem ýok" diýen ýazgyly şygarlar we traktorlar bilen ýurduň ençeme şäherinde ýollara çykdylar

2085856
Germaniýada daýhanlar protestlere başladylar

Şäriklik hökümetiniň Germaniýanyň oba hojalygynda ulanylýan ulaglara ýangyç goldawyny we salgytdan boşadylmagyny tapgyrlaýyn häsýetde aýyrmak baradaky kararyna nägilelik bildiren daýhanlar tutuş ýurt boýunça demonstrasiýa geçirýärler we traktorlar bilen ýollary ýapýarlar. 

Daýhanlar "Daýhan ýok bolsa, iýmitem ýok, geljegem ýok" diýen ýazgyly şygarlar we traktorlar bilen ýurduň ençeme şäherinde ýollara çykdylar. 

Ülkäniň paýtagty Berlin şäherindäki Brandenburg gapysyna barýan ýolda traktorlar bilen bir ýere jemlenen daýhanlar, ýoly ulaglara ýapdylar. 

Polisiýa gullugy ýurduň ençeme ýerinde ýollaryň we köçeleriň ýapylmagy sebäpli ulaglaryň köp bolan wagtlary dyknyşygyň bolandygyny habar berdi.

Daýhanlar salgytdan boşadylmagyň bes edilmeginiň daýhan birleşikleriň batmagyna sebäp boljakdygyny belläp, esasy ýollary bir hepde ýapmak kararyna gelendiklerini aýtdylar.

Otly maşinistleri kärdeşler arkalaşygy GDL hem çarşenbe gününden başlap 3 gün möhlet bilen iş taşlaýyş etjekdiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar