Nigeriýada 10 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Nigeriýada ýaragly toparlar bilen birlikde Boko Haram we DEAŞ ýaly terror guramalary hem ýygy-ýygyndan hüjüm guraýar.

2084597
Nigeriýada 10 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Nigeriýanyň harby goşuny, Katsina we Zamfara sebitlerinde geçirlen operasiýalarda 10 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini habar berdi.

Ýurduň demirgazygynda alnyp barylýan “Hadarin Daži” operasiýalarynyň metbugat geňeşçisi Ibrahim Ýahaýa, harby goşunyň Katsina we Zamfara sebitlerinde terrorçylara garşy operasiýa geçirendigini aýtdy.

Operasiýalarda 10 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini ýatladan Ýahaýa, köp sanly terrorçynyň hem ýaraly ýagdaýda gaçandygyny belledi.

Ýahaýa, operasiýalarda 4 çaga bilen 5 zenanyň halas edilendigini ýatlatdy.

Nigeriýada soňky günlerde ýurduň çar tarapynda ýaragly toparlar bilen birlikde Boko Haram we DEAŞ ýaly terror guramalary hem ýygy-ýygyndan hüjüm guraýar.



Degişli Habarlar