Putin Daşary Ýurtlularyň Raýatlyga Kabul Edilmegi Hakyndaky Karary Tassyklady

Russiýada harby goşun bilen şertnama bağlaşan daşary ýurt raýatlarynyň rus raýatlygyna ýüz tutmaklaryna rugsat berildi.

2084402
Putin Daşary Ýurtlularyň Raýatlyga Kabul Edilmegi Hakyndaky Karary Tassyklady

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ukraina garşy “ýörite harby operasiýa” tapgyrynda rus goşunynyň hataryndaky daşary ýurt raýatlaryna raýatlyk hukugynyň berilmegi hakyndaky karara gol çekdi.

Karara görä Ukrainada dowam edýän we Russiýada “ýörite harby operaiýa” hökmünde atlandyrylýan söweşiň çäginde rus goşuny bilen şertnama bagşaşan daşary ýurt raýatlary we olaryň maşgala agzalary rus raýatlygyna geçmek üçin ýüz tutup bilerler.



Degişli Habarlar