Ýaponiýadaky ýer titremelerde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýaponiýanyň günbataryndaky Isikawa welaýatynda we şol sebitdäki Noto ýarymadasynyň kenarýakasynda bolan ýer titremelerde ýogalanlaryň sany 78 adama ýetdi

2084238
Ýaponiýadaky ýer titremelerde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň berýän habaryna görä 1-nji, 2-nji we 3-nji ýanwar günleri Isikawanyň Noto ýarymdasynda we onuň çäklerindäki suw giňişliginde ululyklary 5 bılen 7 aralygynda üýtgeýän ýer titremeler boldy. 

Ýarymada sebitinde şu gün hem ýerli wagt bilen sagat 00:36-da 4,8 bal ululugynda we 04:38-de 4,9 bal ululygynda 2 aýry ýer titreme boldy. 

Kiçiräk ýer yranmalaryň dowam edýändigi mälim edildi. 

Isikawa welaýatynyň gubernatorlygy sebitdäki ýer titremelerde 78 adamyň ýogalandygyny, sebit derejesinde 300-den gowrak adamyň hassahanalarda bejergi alýandygyny habar berdi. 

Welaýat derejesinde 165 mekdep we desga bölekleýin häsýetde ýapyldy, 30 müňden gowrak adamyň mekdeplerde we sport zallary ýaly ewakuasiýa zolaklarynda ýaşaýandygy aýan edildi. 

Noto ýarymadasynda dowam edýän ýagyşlaryň ýer süýşgünlerine sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berildi. 

Sebitde 50-den gowrak adamyň ykballarynyň näbelli bolmagynda galýandygy beýan edildi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar