Fransiýadaky Suw Basmalary Sebäpli Ýokary Hüşgärlik Yglan Edildi

Fransiýanyň Pa-de-Kale welaýatynda bolan suw basmalary sebäpli ýokary hüşgärlik yglan edildi.

2083511
Fransiýadaky Suw Basmalary Sebäpli Ýokary Hüşgärlik Yglan Edildi

Içeri işler ministri Gerald Dramanin sosial media platformasy X arkaly beren beýannamasynda, Pa-de-Kalde başdan geçirilýän suw basmalary sebäpli Prezident Emmanuel Makronyň görkezmesine laýyklykda welaýata ýene-de 120 ýangyn söndüriş gullukçysynyň ugradylandygyny mälim etdi.

Fransiýanyň Meteorologiýa edarasyndan berilen beýannama görä suw basmalarynyň başdan geçirilen welaýatynda taýýarlyk üçin ýokary hüşgärlik yglan edildi.

Ýerli metbugatdan çykan habarlara görä welaýatdaky suw basmalary gündelik durmuşa ýaramaz täsir ýetiren bolsa, sebitiň halkyndan öýleriniň ýokarky gatlarynda bolmaklary we öýlerini diňe ýerli dolanşyklaryň görkezmesi bilen ewakuasiýa etmekleri islendi.

Pa-de-Kaledäki Aa derýasynyň daşma howpy bar bolsa, welaýatdaky Blendek etrapçasynda bir futbol meýdançasy dolulygyna suwuň aşagynda galdy.



Degişli Habarlar