Eýranda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Yzly yzyna bolan iki partlamada 73 adamyň ýogalandygy, 170 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

2083835
Eýranda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Eýranyň Kirman welaýatynda Kasym Süleýmaniniň mazarynyň golaýynda bolan iki partlamada 73 adam ýogaldy.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Ynkylap goragçylary goşunynyň serkerdesi Süleýmaniniň 2020-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda ABŞ-nyň Bagdatda guran hüjüminde öldürilmeginiň 4-nji ýylynda hatyralama çäresi geçirildi.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň golaýynda iki partlama boldy.

Yzly yzyna bolan iki partlamada 73 adamyň ýogalandygy, 170 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Eýranyň döwlet telewideniýesi partlamalaryň terrorçylykly hüjümdigini habar berdi.

 


Etiketkalar: #partlama , #Eýran

Degişli Habarlar