Ýaponiýada ýolagçy uçaryň ýanmagy netijesinde 5 adam ýogaldy

Ýolagçy uçary bilen çakyşan Ýaponiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk güýçlerine degişli uçaryň içindäki 6 işgäriň 5-siniň ýogalandygy habar berildi

2083277
Ýaponiýada ýolagçy uçaryň ýanmagy netijesinde 5 adam ýogaldy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherindäki Haneda howa menzilinde uçuş zolagynda bolan ýangynda 5 adam ýogaldy. 

Kenarýaka howpsuzlyk güýçlerine degişli uçary süsen ýolagçy uçar ýandy. 

Ýanan uçaryň içindäki 367 ýolagçynyň we 12 ekipažyň ewakuasiýa edilendigi mälim edildi. 

Ýolagçy uçary bilen çakyşan Ýaponiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk güýçlerine degişli uçaryň içindäki 6 işgäriň 5-siniň ýogalandygy habar berildi.

Wakadan halas bolan uçarmanyň saglyk ýagaýynyň agyrdygy aýan edildi. 

Haneda howa menzili ýangyn sebäpli wagtlaýyn ýapyldy, beýleki uçarlarlar bolsa başga howa menzillerine ugrukdyrylýar. 



Degişli Habarlar