Ýaponiýada ýanýan uçardaky ýolagçylar ewakuasiýa edildi

Ýanan uçaryň içinde bolan 367 ýolagçynyň we 12 ekipažyň ewakuasiýa edilendigi,  söndürmek üçin ýangyn söndüriş işleriniň dowam edýändigi beýan edildi

2083152
Ýaponiýada ýanýan uçardaky ýolagçylar ewakuasiýa edildi

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherindäki Haneda howa menzilinde uçuş zolagyndaky ýolagçy uçarlaryň birinde ýangynyň ýüze çykandygy mälim edildi. 

Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli uçara degen ýolagçy uçarda ýangynyň dowam edýändigi aýan edildi. 

Ýanan uçaryň içinde bolan 367 ýolagçynyň we 12 ekipažyň ewakuasiýa edilendigi,  söndürmek üçin ýangyn söndüriş işleriniň dowam edýändigi beýan edildi. 

Haneda howa menzili ýangyn sebäpli uçarlara ýapyldy, gelýän uçarlar bolsa tapawutly howa menzillerine ugrukdyrylýar. 



Degişli Habarlar