2024-nji Ýylda Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada 11,7 Million Adam Ýerlerinden  Mahrum Bolar

Bu barada BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygy habarnama berdi.

2082200
2024-nji Ýylda Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada 11,7 Million Adam Ýerlerinden  Mahrum Bolar

BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygynyň sosial media hasabyndan guramanyň bosgunlary we ýerlerinden mahrum edilen adamlary goramak hem-de olara kömek bermek boýunça 2024-nji ýylyň meýilnamasy hakynda habarnama berildi.

Habarnamada ýurduň içinde ýerlerinden mahrum edilen adamlara we olara ýer eýeçiligini edýan halklara berilýän goldawyň dowam etmeginiň iňňän möhümdigi nygtaldy.

Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada öz ýurdunuň çäklerinde ýerlerinden mahrum edilenlerin sanynyň 2024-nji ýylda 11,7 milliona ýetmegine garaşylýandygy habar berildi.

Dünýä derejesinde bolsa 2024-nji ýylda 130,8 million ýerinden mahrum edilen we watansyz adamyň goldawa zerurlyk duýjakdygy çaklanylýar.



Degişli Habarlar