Zimbabwede holera keseli sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Zimbabwede şu ýylyň 12-nji fewralynda başlan holera epidmeiýasynda 221 adam ýogaldy, 13 müňden gowrak adam keselledi

2081455
Zimbabwede holera keseli sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, Zimbabwedäki holera epidemiýasynda kesellänleriň sany 13 müň 176 adama ýetdi. 

Dekabr aýynda ýurduň içinde syýahat edýän adamlaryň sanynyň artmagy bilen, ýurduň paýtagty Harare şäheri başda bolmak bilen beýleki sebitlerde-de holera keseli hasaba alyndy. 

Epidemiýada häzirki wagta çenli 221 adam ýogaldy. 

Resmiler raýatlara holera epidemiýasyna garşy öňüni alyş çäreler görmek we arassaçylyga üns bermek barada çagyryş berdiler. 

Zimbabweniň paýtagy Harare şäherinde holera epidemiýasy sebäpli 17-nji dekabrda adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #holera , #Zimbabwe

Degişli Habarlar