Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary, Gaza Guralýan Hüjümleriň Bes Edilmegini Isleýär

Ýesirleriň hossarlary, ministrler kabinetiniň agzalary bilen duşuşmak isledi.

2081163
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary, Gaza Guralýan Hüjümleriň Bes Edilmegini Isleýär

Ysraýylly ýesirleriň hossarlary, Ministrler kabinetiniň maslahatyndan öň geçiren protest ýörişlerinde Gaza guralýan hüjümleriň bes edilmegini we hossarlarynyň sag aman öýlerine dolanmaklaryny isledi.

Ýesirleriň hossarlary, Tel-Awiwdäki Hashalom otly bekedini ýapyp, minstrlerden we generallardan ybarat ministrler kabinetiniň agzalary bilen duşuşmak isledi.

Ýesirleriň hossarlarynyň ministrler bilen duşuşmagyna rugsat berilmedi.

Ysraýylyň harby goşuny, 15-nji dekabrda Gazada ysraýylly 3 ýesiri ýalňyşlyk bilen öldürendigini habar beripdi.

Mesele baradaky habarlardan soň Hamas bilen ýesir çalşygy meselesinde ylalaşyk gazanylmagy we ýesirleriň boşadylmagy üçin Ysraýylyň hökümetine berilýän çagyryşlar artdy.

Beýleki tarapdan, Ysraýylyň harby goşuny, Gaza Sektoryndaky çaknyşyklarda biri ofiser ýene-de 3 esgeriň öldürlendigini habar berdi.

Ysraýylyň harby goşunyndan berlen ýazmaça beýannamada, Gazada çekilen adam pidalary hakynda maglumat berildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň soňky görkezijilerine görä, 7-nji oktýabrdan bäri öldürlen ysraýylly esgerleriň sany 498-e ýetdi.

 

 


Etiketkalar: #protest , #ýesir , #Ysraýyl

Degişli Habarlar