ABŞ: "Baýdeniň Türkiyä F-16-laryň satylmagy bilen bagly berýän goldawy dowam edýär"

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Türkiýäniň Şwesiýanyň NATO agzalygy meselesinde eden soňky ädiminden hoşaldygyny beýan etdi

2081184
ABŞ: "Baýdeniň Türkiyä F-16-laryň satylmagy bilen bagly berýän goldawy dowam edýär"

ABŞ-nyň hökümedi, Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen baglanşykly teklibiň Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň Daşary gatnaşyklar komissiýasyndan geçmeginden hoşaldyklaryny we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Türkiyä F-16-laryň satuwy bilen bagly berýän açyk ýagdaýdaky goldawynyň dowam edýändigini habar berdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Türkiýäniň Şwesiýanyň NATO agzalygy meselesinde eden soňky ädiminden hoşaldygyny beýan etdi. 

Döwlet sekretarlygy beren beýanatynda: "Prezident Baýdeniň eýýäm ençeme wagt bäri Türkiyäniň F-16 flotynyň döwrebaplaşdyrylmagyna berýän açyk häsýetdäki goldawy dowam edýär, bu ýagdaý bolsa NATO-nyň operasiýa mümkinçiligini giňelder" diýip belledi. 

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň Daşary gatnaşyklar komissiýasynda Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen baglanşykly teklibiň kabul edilmeginden hoşaldyklaryny aýdan ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Ankara F-16-laryň satuwy bilen baglanşykly Kongrese resmi talap bildirilýänçä çenli daşary ýurt ýarag söwdasy bilen bagly şular ýaly görnüşli  beýanatlary ýa-da beýannamalary bermejekdiklerini habar berdi. 

Düýn Şwesiýanyň NATO-nyň düzümine goşulmak baradaky teswirnamanyň tassyklanmagy baradaky kanun teklibi  TBMM-niň Daşary gatnaşyklar komissiýasynda kabul edilipdi. 


Etiketkalar: #NATO , #Şwesiýa , #Türkiye , #ABŞ

Degişli Habarlar