Ukraina, Rus Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Hatardan Çykardy

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy.

2080559
Ukraina, Rus Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Hatardan Çykardy

Ukraina, Russiýa degişli 28 sany “Şahid” kysymly uçarmansyz howa ulagyny, 2 raketany we 2 uçary hatardan çykarandyklaryny habar berdi.

Ukrainanyň Howa güýçleri serkerdeliginden berlen beýannamada, rus goşunynyň düýn gije 31 “Şahid” kysymly uçarmansyz howa ulagy we 2 raketa bilen Ukraina hüjüm gurandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Odessa, Herson, Donesk we Kirowograd sebitlerinde Russiýa degişli 28 sany “Şahid” kysymly uçarmansyz howa ulagynyň howadan hatardan çykarlandygy ýatladyldy.

Beýannamada, Russiýanyň gije guran hüjümlerinde X-59 we X-31 raketasyny ulanandygy we iki raketanyň hem hatardan çykarlandygy bellenildi.

Odessa şäherinde hem Russiýa düýn giwe guran hüjümlerinde ulanan uçarmansyz howa ulaglaryndan 17-siniň hatardan çykarlandygy nygtaldy.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy üçin görkezme beripdi, şeýlelikde Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy.

 



Degişli Habarlar