Orban ÝB-niň Özlerine Şantaž Edýändigini Aýtdy

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban ÝB Komissiýasyny hukugyň hökmürowanlygy boýunça aladalar bilen ýurduna garşy milliardlarça ýewro serişdäni saklap”, şantaž etmekde günäkärledi.

2079591
Orban ÝB-niň Özlerine Şantaž Edýändigini Aýtdy

Orban geçiren metbugat ýygnagynda “Biziň pikirimizçe Wengriýa hukugyň hökmürawanlygynyň ähli kadalaryny berjaý edýar we ÝB Komissiýasynyň ýörite isleglerine laýyklykda-da olardan gelen islegleri berjaý edýäris hem-de hyzmatdaşlyk edýäris” diýdi.

Orban ÝB-niň şantažyň hakykatdandygyny we onuň Ýewropa Parlamentiniň agzalary tarapyndan hem kabul edilendigini nygtap; “Şeýle şantažda Wengriýanyň bähbitlerini goramak üçin elimden geleni edenim üçin meni günäkärläp bilmersiňiz” diýdi.

Wengriýa Ukrainanyň ÝB-ne agzalygy boýunça gepleşikleriň başlamagyny we 50 milliard ýewrolyk täze maliýe kömek bukjasyny goldamaýar.

Ukrainanyň ÝB-ne agzalyk gepleşiklerine başlamagy hakynda karar 14-15-nji dekabrda Brýusselde geçirilen liderler sammitinde Obanyň Germaniýanyň Premýer-ministri Olaf Şols tarapyndan kofe içmek üçin zaldan çykarylmagyndan soň kabul edilipdi.

Ukraina 50 milliard ýewrolyk goşmaça maliýe kömek bukjasynyň ÝB-niň býujetinden bölünip berilmelidigini öňe sürýän Orban, ÝB-niň sammitinde şol bukjany weto edipdi.

 



Degişli Habarlar