Germaniýadan deportasiýa edilýänleriň sany artýar

2022-nji ýylda bolsa jemi 12 müň 945 adam ýurtdan deportasiýa edilipdi

2079383
Germaniýadan deportasiýa edilýänleriň sany artýar

Noýe-Osnabrýuker gazedi tarapyndan berilen maglumata görä şu ýylyň ilkinji 10 aýynda 13 müň 512 adam ýurtdan çykaryldy. 

2022-nji ýylda bolsa jemi 12 müň 945 adam ýurtdan deportasiýa edilipdi. 

Soňky ýyllarda esasan hem koronawirus pandemiýasy sebäpli ýurtdan çykarylanlaryň sany örän azalyp, 2020-nji ýylda 10 müň 800 adama, 2021-nji ýylda 11 müň 982 adama ýetipdi. Pandemiýadan ozal, ýagny 2019-njy ýylda bolsa 22 müň 97 adam deportasiýa edilipdi. 

Çepçi partiýanyň deputaty Klara Bünger deportasiýa edilýänleriň sanynyň artmagyny tankyt etdi. 



Degişli Habarlar