Çehiýada Guralan Ýaragly Hüjümde 15 Adam Ýogaldy
Çehiýanyň Prezidenti Petr Pawel we Premýer-ministr Petr Fiala Pragada ýerleşýän Karls uniwersitetinde 15 adamyň ölmegine sebäp bolan ýaragly hüjüme berk reaksiýa bildirdi.
Prezident Pawel sosial media hasaby X arkaly beren habarnamasynda, uniwersitet guralan hüjümiň özüni şeýle gazaplandyrandygyny beýan edip, hüjümde pida bolanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirip, ýaralanlara şypa diledi.
Premýer-ministri Fiala bolsa çeh halkyna ýüzlenip eden çykyşynda, hüjümi tragiki waka hökmünde häsýetlendirip, wakanyň her bir raýatda çuňňur täsir galdyrandygyny aýtdy.
Fiala; “Bu elhenç aksiýanyň hiç hili hakly sebäbi bolup bilmez. Siziň ähliňiz ýaly men hem şeýle pajyga gynanç bildirýärin” diýdi.
Premýer-ministr Fiala ýene-de bir gezek ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk, ýaralylara şypa diledi.
Paýtagt Parižde ýerleşýän Karls uniwersitetiniň pelsepe fakultetinde guralan ýaragly hüjümde azyndan 15 adamyň ýogalandygy, 25 adamyň ýaralanandygy habar berilipdi.