ABŞ-nyň Çemeleşmesi Ýakyn Gündogardaky Dartgynlygyň Çuňlaşmagyna Sebäp Bolýar

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa ABŞ-nyň çemeleşmesiniň  Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň çuňlaşmagyna we ýagdaýyň agyrlaşmagyna sebäp bolýandygyny aýtdy.

2079282
ABŞ-nyň Çemeleşmesi Ýakyn Gündogardaky Dartgynlygyň Çuňlaşmagyna Sebäp Bolýar

Zaharowa paýtagt Moskwada aktual mesleler boýunça hepdelik metbugat ýygnagyny geçirdi.

ABŞ-nyň Gaza Sektorundaky ýagdaýy boýunça pozisiýasy hakyndaky soraga jogap beren Zaharowa; “Amerikan hökümetiniň bu mesela bolan çemeleşmesi antisemitist hökmünde kabul edilip bilner. Hem ysraýylylar hem-de palestinalylar sami halkydyr. ABŞ-nyň edýän zatlarynyn ählisi hem ysraýyllylara hem-de palestinalylara garşy. ABŞ-nyň sebit boýunça syýasaty iki halkyň hem ölmegine, Ýakyn Gündogardaky dartgynlygyň çuňlaşmagyna, umumy şertleriň agyrlaşmagyna, sebitiň geljegi üçin agyr netijeleri ýüze çykarjak howplaryň ýüze çykmagyna sebap bolýar” diýdi.

Zaharowa Ýakyn Gündogardaky dartgynlygyň gowşama ähtimallygynyň ýokdugyny beýan edip; “Soňky ýyllarda ABŞ-nyň sebitde güýçlenýän pozisiýasy dartgynlygyň çözülmegine goşant goşmady, tersine şertleriň agyrlaşmagyna sebäp boldy” diýdi.

 



Degişli Habarlar