Putiniň pasport bilen bagly kararnamasy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Belarussiýa, Moldawiýa we Gazagystan döwletleriniň raýatlaryna rus pasportyny almagy ýeňilleşdirýän kararnama gol çekdi

2078504
Putiniň pasport bilen bagly kararnamasy

Şol ýurtlaryň raýatlary mundan beýläk ýaşaýyş rugsatnamasyny alanlaryndan soň 5 ýylyň dowamynda Russiýada ýaşap bilýärler, Russiýanyň taryhy we döwlet esaslary ýaly derslerden synagdan geçmekleri mejbur däl. 

Mundan başgada Belarussiýanyň raýatlary üçin rus dilini bilýändiklerini subut etmekleri mejbury däl, şol mejburylyk Gazagystanyň we Moldawiýanyň raýatlary üçin mejbur bolmagyna galýar. 

Putin Russiýanyň kanunlaryny berjaý edýän we ýaşamak isleýän daşary ýurtly raýatlar babatynda ýeňillik dörediljekdigini habar berdi. 

Ukraina uruşynyň başlamagyndan soň Russiýanyň hökümedi birnäçe gezek raýatlayk kanunyna täzelikler we goşmaçalar girizipdi.

Ýaz aýynda Putin ýurtda harby gulluk borjy bilen bagly ylalaşyga gol çeken adamlaryň pasport almak işlerine ýeňillikleriň dörediljekdigini beýan edipdi. 



Degişli Habarlar