Blinken Bilen Şukri Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Blinken bilen Şukri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

2078680
Blinken Bilen Şukri Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukri özara gatnaşyklar we Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannama görä, Blinken bilen Şukri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Müsür bilen hyzmatdaşlygyň dowam etmeginiň ähmiýetine ünsi çeken Blinken bilen Şukri, garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagyna goldaw berýändiklerini ýene-de bir gezek nygtady.

Blinken, Gazadaky palestinalylara berilýän ynsanperwer kömekleriniň artdyrylmagy we ýesirleriň boşadylmagy meselesinde uly rol oýnandygy üçin Şukra sagbolsun aýtdy.



Degişli Habarlar