ABŞ: "Gyzyl deňizde köp milletli missiýa döredildi" diýdi

ABŞ-nyň hökümedi Husileriň Gyzyl deňizde halkara gämilere artan hüjümlerine garşy köp milletli missiýanyň döredilendigini habar berdi

2078282
ABŞ: "Gyzyl deňizde köp milletli missiýa döredildi" diýdi

ABŞ-nyň goranmak ministri Lloýd Ostin beren ýazmaça beýanatynda, Gyzyl deňizde Husileriň artan hüjümleriniň söwda gatnaşyklara howp ýetirýändigini, bigünä deňizçilere wehim salýandygyny we halkara hukugyň düzügünini bozýandygyny mälim etdi. 

Şol meseleleriň çözüwi üçin halkara derejede talabyň bardygyny aýdan Ostin: "Şol sebäpli şu gün Asudalyk goragçylary operasiýasyny döredendigimizi aýan edýärin. Bu Umumy Deňiz güýçleri we 153-nji Operatiw toparynyň gol astynda Gyzyl deňizdäki howpsuzlyga gönükdirilen möhüm köp milletli howpsuzlyk başlangyjydyr" diýip habar berdi. 

Missiýanyň düzüminde ABŞ bilen birlikde, Beýik Britaniýa, Bahreýn, Kanada, Italiýa, Fransiýa, Gollandiýa, Norwegiýa, Seýşel adalary we Ispaniýa ýaly ýurtlar bar. 



Degişli Habarlar