BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi Gaza Meselesinde Karar Kabul Edip Bilmedi

Agza ýurtlaryň arasyndaky düşnüşmezlik sebäpli sese goýulşyk yza süýşürildi.

2078267
BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi Gaza Meselesinde Karar Kabul Edip Bilmedi

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi, Gaza meselesinde karar taslamasynyň kabul edilmegi üçin ylalaşyk gazanyp bilmedi.

Agza ýurtlaryň arasyndaky düşnüşmezlik sebäpli sese goýulşyk yza süýşürildi.

Howpsuzlyk geňeşinde Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygyny bes etmegi we ynsanperwer kömekleriň artdyrylmagy üçin sese goýulşygyň geçirilmegine garaşylýardy.

Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan sese goýulşyga hödürlenmegi meýilleşdirlen Gaza taslamasy meselesinde agza ýurtlaryň arasnda ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.

ABŞ-nyň “çaknyşyklaryň bes edilmegi” sözüniň üýtgedilmegini islemegi sebapli sese goýulşygyň yza süýşürlendigi nygtaldy.

Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasyndan biri bolan ABŞ, 8-nji dekabrda Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilmegi üçin çagyryş berilýän karary hem weto edipdi.

 



Degişli Habarlar