Eýranda Ýangyç Beketlerine Kiber Hüjüm Guraldy

“Benzin beketleriniň 60 göteriminde näsazlyk ýüze çykdy. Ýangyç beketlerinde ulanylýan internet ulgamyny ýapdyk. Raýatlarymyza el bilen ýangyç hyzmady berilýär”

2077884
Eýranda Ýangyç Beketlerine Kiber Hüjüm Guraldy

Eýranda ýangyç beketlerinde ulanylýan internet ulgamyna guralandygy öňe sürülýän kiber hüjüm sebäpli birnäçe ýangyç bekediniň işleri saklandy.

Eýranyň Nebit ministriniň orunbasary Jelil Salari mesele hakynda maglumat berdi.

Salari “Benzin beketleriniň 60 göteriminde näsazlyk ýüze çykdy. Ýangyç beketlerinde ulanylýan internet ulgamyny ýapdyk. Raýatlarymyza el bilen ýangyç hyzmady berilýär” diýdi.

Eýranly ýolbaşçy, näsazlygyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edilýändigini nygtady.

Ysraýylyň harby radiosy, ysraýylly kompýuter karakçylarynyň Eýrandaky ýangyç beketleriniň internet ulgamyna hüjüm gurandygyny habar berdi.

 



Degişli Habarlar