ABŞ PKK/ÝPG Üçin 156 Million Dollar Bölüp Berdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2024-nji ýylyň goranyş býujetinden ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň peýdalanjak gaznasyna 156 million dollarlyk serişde goýberer.

2076941
ABŞ PKK/ÝPG Üçin 156 Million Dollar Bölüp Berdi

ABŞ-nyň Kongresinde kabul edilen we Ak Tama ugradylan 2024-nji ýylyň goranyş býujetinde esasan PKK/ÝPG-niň peýdalanýan, Siriýa üçin niýetlenen gazna, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9 million dollar azaldylyp, 156 million möçberinde kesgitlendi.

Şol goranyş býujetindaki bu gaznanyň ABŞ tarapyndan “Siriýanyň demokratik güýçleri” atlandyrylýan PKK/ÝPG-ä “DEAŞ-a garşy göreş we DEAŞ-ly tussaglaryň belli tussaghanalarda saklanmagy” ýaly sebäplerden berilendigi mäliöm edildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň tassyklamagyndan soň goranyş býujeti kanunlaşar.



Degişli Habarlar